MILLI ULGAM TURKMENITSAN 2022

SMART CITY ÇÖZGÜTLERI

MILLI ULGAM TURKMENISTAN 2022

TELEKOMUNIKATSIÝA

MILLI ULGAM — M-HOME — M-VISION — M-PHONE — ULGAM STORE — M-OS — MILLI ULGAM — M-HOME — M-VISION — M-PHONE — ULGAM STORE — M-OS —

ÖNÜMLER WE HYZMATLAR

01.

Akylly şäherler üçin telekommunikasiýa çözgütleri.

Telekomunikasiýa – bu akylly şäheriň esasy özeni. “Milli ulgam” özüniň alyp barýan işleriniň çäginde “Smart” ýagny akylly ulgamlary gurnamak üçin telekom infrastraktura çözgütlerini hödürleýär. Bu hödürlenýän hyzmatlar arkaly täze ulgamlary gurnamak we bar bolan ulgamlary täzelemek, adaptirlemek, we kämilleşdirmek mümkin.

02.

Ýüz tanaýan howpsuzlyk ulgamy

Kameralar, Datçikler we emeli intellekt – biziň kompaniýamyzyň has ussat ugry bolup durýar. Kameralaryň, datçikleriň we emeli intellektiň birleşmegi bilen kämilleşýän ýüz tanaýan howpsuzlyk ulgamlarynyň durmuşymyza birnäçe goşandy bar. Bu ýüz tanaýan akylly enjamlar özüniň takyklygy bilen tapawutlanýar. “Milli ulgam” dünýäniň innowatiw çözgütleri, işine ussat emeli aň hünärmenleri, we ýokary hilli enjamlary bilen ýüz tanaýan howpsuzlyk ulgamyna täzelikleri size hödürleýär

03.

Akylly Öýler

“Milli ulgam” size yşyklandyryş we ýyladyş ýaly enjamlary we ulgamlary uzakdan gözegçilik etmek we dolandyrmak üçin internede birikdirilen enjamlary hödürleýär.Akylly telewizorlar, wideo we aýdym-saz ýaly programmalar arkaly internete birikýär. Käbir akylly telewizorlarda ses ýa-da žest tanamak aýratynlygy hem bar.Uzakdan dolandyrylyp bolýan yşyklandyryş ulgamlary, otagda oturanlaryň wagtyny anyklaýar we zerur bolanda yşyklandyryşy sazlap bilýär. Akylly lampalar gündiz we alagaraňky ýagdaýlara baglylykda özlerini sazlap bilýärler.

04.

“Galkan” Kiberhowpsuzlyk ulgamy

“Milli ulgam” akylly şäherler üçin kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmeginiň iň esasy wezipleriniň biri bolup durýandygyny göz öňünde tutup, “Galkan” atly milli we ýerli kiberhowpsuzlyk ulgamyny ulanyşa hödürledi . “Galkan” kiberhowpsuzlyk ulgamy Akylly şäherler-de ähli raýatlar, döwlet edaralary, howpsuzlygy üpjün edýän gulluklar üçin örän wajyp resminamalary sanly ulgam arkaly öz bazasynda saklaýandygyny göz öňünde tutup, has berk we ygtybarly gorag hyzmatyny hödürleýär.

05.

“Milli” Operatiw Ulgamy

“Milli” Operatiw ulgamy ýerli we milli hünarmenlerimiz tarapyndan ýörite “Akylly Şäherler” üçin taýýarlanan operatiw ulgamydyr. Bu ulgamyň esasy aýratynlygy kiberhowpsuzlyk taýdan goragynyň örän berkligidir. Bu operatiw ulgamyň işleýiş aýratynlygyna baglylykda hakerleriň hiç bir görnüşi ulgamda saklanýan maglumatlara ýetip bilmezler.

06.

“Takyk” töleg ulgamy

Elektrik energiýasy, tebigy gaz, suw hem-de birnäçe durmyş zerurlyklary üçin ýerine ýetirilýän tölegler bilen bir hatarda, internet we aragatnaşyk hyzmatlary, polisiýa we ýerli dolandyryş edaralary, hassahana we dermanhanalar üçin ýerine ýetirilmeli tölegleriň ählisi bir töleg ulgamy – “Takyk” töleg ulgamy!

TURKMENISTAN 2022 MILLI ULGAM

Habarlaşmak

Biziň bile habarlaşyn we öz islegleriňizi aýdyň.

Habarlaş